Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini fosforly dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldady. Döwlet Baştutany 21-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hödürlän degişli teklibini goldap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.