Honda 25 ýyldan soň Prelude sport modeliniň köpçülikleýin önümçiligine gaýtadan başlandygyny habar berdi. Täze önüm indiki ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. Ol kompaniýanyň Honda S+Shift innowasion tehnologiýasyny ulanan ilkinji awtoulagy bolar diýip, ixbt.com ýazýar. Awtoulag “Civic” we “Accord” modellerinde ulanylýan e: HEV gibrid ulgamy bilen hem üpjün ediler. S+Shift ulgamy tizlenmede we bu ýagdaýyň dowam edýän wagtynda hereketlendirijiniň tizligini takyk dolandyrmaga hem-de göni üýtgeşmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, güýç birikmesiniň işleýşi ulagy dolandyrmagyň lezzetini has-da artdyrýan ses effektlerine hem eýedir. Täze “Prelude” sport modeli ykjam ölçeglere (4300×1790×1300 mm) hem-de 2575 mm teker bazasyna eýe bolar. Ol gözbaşyny 1978-nji ýyldan alyp gaýdýan önümçiligiň däplerini özünde jemlemek bilen, öňki modellerine garanyňda has sport ähmiýetli boljakdygyna garaşylýar diýip, ithome.com habar berýär. Maglumat hökmünde, “Prelude” awtoulagynyň önümçiliginiň 2001-nji ýylda bes edilendigini ýatladýarys.