The Metro öň 20 trillion dollara Atlantik ummanynyň aşagyndan tunel geçirmek pikiri barada habar beripdi. Şeýle tunel Nýu-Ýork bilen Londonyň arasyndaky ýola sarp edilýän wagty 8 sagatdan 54 minuta çenli azaltmaga mümkinçilik bererdi. Ilon Mask bu habara jogap edip, özüniň The Boring Company kompaniýasynyň bu taslamany 20 milliard dollara durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Mask kompaniýanyň tehnologiýalarynyň şeýle taslamalaryň bahasyny ep-esli arzanladyp biljekdigini öňe sürýär. The Boring Company (iňlis dilinden terjime edilende – Içgysgynç kompaniýa) ýerasty gurluşyk pudagynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin 2016-njy ýylda milliarder tarapyndan esaslandyrylypdy. Hususan-da, 2022-nji ýylda telekeçi Tesla üçin Maýamidäki ulag dykynlaryna düşmezlik üçin, ýerastyndan hereket eder ýaly tunel gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Şeýle-de bolsa, bu hem The Boring Company kompaniýasynyň beýleki başlangyçlary ýaly, Los-Anjeles we Nýu-Ýork üçin tunel geçirmek meýilnamasy hem dowamsyz galdy. Transatlantik tuneliň ideýasy taslama bolmagynda galýar we ony durmuşa geçirmegiň geljegi entek belli däl. Mask buraw işlerine täze çemeleşmeler arkaly çykdajylary azaltmagyň mümkindigini, ýöne taslamanyň üstünlikleriniň tehniki we ykdysady durmuşa ukyplylygyna baglydygyny aýtdy.