Kuweýtde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar ýaşy 7000 ýyldan gowrak bolan heýkeljigi tapdylar. Ony başga planetalylar bilen deňeşdirýärler, käbir ylmy gözlegçiler bolsa onuň “Garri Potter” filmindäki başgap bilen meňzeşligini öňe sürýär diýip, Daily Mail habar berýär. Bu Pars aýlagy sebitinde ilkinji şeýle açyşdyr. Heýkel “gyýçak gözli, tekiz burunly we süýri kelleçanakly kiçi, elde ýasalan kelläni” şekillendirýär. Arheologiki ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Agneşka Şimçak tapyndynyň alymlar üçin bütinleý garaşylmadykdygyny belledi. Onuň gelip çykyşy gadymy ilatyň däp-dessurlary bilen baglanyşykly bolsa gerek. “Bu heýkeljigiň biziň obýektimizde bolmagy onuň maksady we simwolik, megerem, däp-dessurlyk ähmiýeti baradaky gyzykly soraglary döredýär” – diýip, professor Petr Beliskiý belledi. Bu açyş sebitde b.e.öňki 5500-4900-nji ýyllarda küýzegärçilik önümçiliginiň bolandygyny tassyklaýar. Şeýle-de, arheologlar bu ýerde keramiki gaplary we bişmedik küýzäni tapdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir