20-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministriň orunbasary we Özbegistanyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir