Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Degişli şahadatnama 18-nji dekabrda Almaty şäherinde (Gazagystan) Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda birleşigiň nobatdaky mejlisinde gowşuryldy. Şahadatnama Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy K.Zakirýanow tarapyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna wekilçilik edýän Talyplar sport klubunyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi S.Gurdowa dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi (International Association of Universities of Physical Culture and Sport) dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy 60-dan gowrak bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini özüne birleşdirip, bilelikde ylmy-barlag işleri geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen döredilendir. Birleşigiň esasy wezipesi bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edilmegi bedenterbiýe we sportda dünýäniň ösen tejribesiniň, innowasion tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli öwrenilmegi üçin möhümdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir