“Red Bull” topary “Formula-1-iň” täze möwsüminde Maks Werstappeniň täze ýoldaşynyň täze zelandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Liam Louson boljakdygyny habar berdi. Ol Awstriýanyň toparyny terk edýän Serhio Peresiň ornuny eýelär. Geçen möwsümde Louson “RB-niň” düzüminde çykyş etdi. Ol 2019-njy ýylda “Red Bulluň” ýaşlar programmasyna goşuldy we 2023-nji ýylda Niderlandlaryň Gran-prisinde “Alfa-Tauride” ilkinji gezek çykyş etdi, ol şikes alan Daniel Rikkardonyň ornuny çalyşdy. Soňky möwsümde iki toparda-da ätiýaçdaky sürüji boldy. Meksikaly Serhio Peres “Red Bullda” 2021-nji ýyldan bäri çykyş edip, bu döwürde 282 Gran-prä gatnaşyp, alty gezek ýaryşlarda ýeňiji boldy we 39 gezek münbere çykdy. 2024-möwsümini Peres şahsy sanawda 152 bal bilen sekizinji orunda tamamlady. Şahsy sanawda Werstappeniň ýeňiji bolandygyna garamazdan, Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” topary ýeňdi, “Red Bull” “Ferrariden” hem yza galyp, üçünji orny eýeledi. Üýtgeşmeler “Formula-1-iň” beýleki toparlarynda-da bolup geçdi. Şeýlelikde, 35 ýaşly finlýandiýaly Waltteri Bottas “Kik Zauberden” gidenden soň, ätiýaçdaky sürüji hökmünde “Mersedese” dolanýar. “Soňky birnäçe ýylyň kynçylyklaryna garamazdan, men Formula-1 üçin ýene köp iş etmelidigimi bilýärin” – diýip, Bottas belledi.