19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra döwlet Baştutany “PETRONAS” binasynyň “Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy, iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we 42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750 tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan ähmiýetini artdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir