2024-nji ýylyň noýabr aýynda ýeňil we ýeňil täjirçilik awtomobilleriniň satuwy 8 184 295 birlik boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1% köpdür. 11 aýda global awtobazaryň göwrümi tas 80 mln awtomobile (+1,6%) ýetdi diýip, GlobalData habar berýär. Hünärmenler bazaryň dört aýlyk pese gaçyşdan soň yzygider ikiinji aý ösýändigini we munuň ýylyň ahyry üçin oňyn çaklamalara esas döredýändigini belleýär. Satuw boýunça öňdebaryjy Hytaý bolmagynda galýar, bu ýerde noýabr aýynda 2 760 811 awtomobil satyldy we bu bir ýyl ozalkydan 10,4% köpdür. Ikinji orunda 1 378 920 awtomobil (+12,3%) görkeziji bilen ABŞ ýerleşýär. Üçlüge satuwyň 2,6%, 1 090 037 awtoulaga çenli azalandygyna garamazdan, Günbatar Ýewropa girdi. Gündogar Ýewropada bazar 9,1% (409 465 awtoulag), Günorta Amerikada 16,5% (274 479 birlik) ösüş görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýa (386 776 awtomobil; -5,6%) we Günorta Koreýa (145 472 awtomobil; -7,9%) pese gaçyşy görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir