Apple kompaniýasy Apple Watch-yň eýeleri üçin täze çellenjiň (synag, ýumuş) başlanýandygyny yglan etdi. Bu barada MacRumors habar berýär. Täze ýyl mynasybetli çellenj 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başlar. Gatnaşyjylar her gün işjeňlik bilen bagly üç ýumşy ýerine ýetirmeli bolar: durmak, türgenleşik we hereket. Baýrak almak üçin ýanwar aýynyň islendik günleri yzygider ýedi günüň dowamynda üç ýumşuň ählisini ýerine ýetirmelidir. Öňki çellenjlerde bolşy ýaly, gatnaşyjylar ýörite baýraklary alar, olary Fitness programmasynda görmek bolýar. Şeýle-de, olar Messages programmasynda ulanmak üçin animirlenen stikerler toplumyny alar. Şeýle etmek bilen kompaniýa ulanyjylary yzygiderli fiziki işjeňlige we ýylyň dowamynda fitnes maksatlaryna ýetmäge höweslendirmek isleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir