19-njy dekabrda Daşoguzda Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotenologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Institutda habar bermeklerine görä, sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata 14 döwletden 84 ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Gazagyztandan, Belarusdan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan hem-de Pakistandan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny barada sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň çäginde institutda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi gurnaldy. Halkara ylmy-amaly maslahat bäş bölümde işini dowam etdirdi. 1-nji bölüm “Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy”, 2-nji bölüm “Maldarçylykda biotehnologiýalar”, 3-nji bölüm “Biopestisidler we biodökünler”, 4-nji bölüm “Bioremediasiýa we ekologiki durnuklylyk”, 5-nji bölüm “Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak” ýaly atlar bilen geçirildi. Olarda jemi 260 sany işler diňlenilip, edilen çykyşlaryň içinde iň tapawutlylary aýratyn bellenildi we halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji bölüminde yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir