Alymlar otuz ýyldan gowrak durgunlykdan soň Günorta ummanda dünýäniň süýşýän iň uly buz bölegi bolan A23a aýsbergini öwrenýärler diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar. Onuň ululygy hatda uly metropollardan hem geçýär, aýsberg Londondan hem iki esse uly, massasy bolsa bir trillion tonna barabardyr. Aýsberg ozal Günorta Orkneý adalarynyň demirgazygyndaky ýerini terk edipdi we häzirki wagtda Günorta ummanyň suwlarynda erkin hereket edýär. Gözlegçiler onuň hereketiniň sebitiň ekosistemasyna ep-esli derejede täsir edip biljekdigine ynanýarlar. “Birnäçe wagtdan soň A23a-nyň täzeden hereket edýändigini görmek tolgundyryjy. Onuň hem Antarktidadan bölünip aýrylan beýleki uly aýsbergler ýaly şol ýoldan gitjekdigi hakda pikir edýäris. Has möhümi, bu ýerli ekosistema nähili täsir eder" diýip, Britaniýanyň Antarktida gözlegçilik gullugynyň işgäri, ummanlary öwreniji Endrýu Meýers aýtdy. Aýsberg boýunça geçirilýän gözlegler ummandaky buz akymlary bilen deňiz ekosistemasynyň arasyndaky özara täsire has gowy düşünmäge kömek eder. Bu howanyň üýtgemegini öwrenmek üçin-de täsir edýär diýip, vokrugsveta.ru ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir