15-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Şeýlelik bilen, Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Bu gezek Aýazbaba we Garpamyk Köpetdagyň etegindäki Arkadag şäheriniň şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Polatly” heýkel toplumynyň ýanynda, erteki gahrymany Akpamygyň we şadyýan Japbaklaryň ugratmagynda ýola düşdi. Olar “Akhan” binasyna we Arkadag şäheriniň baş arçasy oturdylan meýdança bardylar. Bu ýerde olary Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri öz baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar. Ýolugruna Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary bilen tanşan Aýazbaba we onuň dostlary her desganyň ýanynda bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen garşylanyldy. Soňra olaryň ýoly Aşgabat şäherine tarap ugur aldy. Aşgabatda olar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança, “Ylham” seýilgähine, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine baryp gördüler. Soňra Aýazbabadyr Garpamyk ak paýtunda Aşyr dädäniň we paýtagtymyzyň ýaşajyk ýaşaýjylarynyň ugratmagynda iki gatly bezelen awtobusda paýtagtymyzyň baýramçylyk lybasyndaky köçeleri boýunça syýahat edip, Baş arça oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezine geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir