Amerikanyň Meta, Amazon ýaly tehnologiýa ägirtleri, şol sanda OpenAI-yň baş müdiri Sem Altman ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna bir million dollar bagyş etdiler. The Wall Street Journal neşiriniň belleýşi ýaly, şeýle etmek bilen Kremniý jülgesiniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň eýeleri Ak öýüň geljekki başlygy bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmaga çalyşýar. Mundan öň Facebook, Instagram we WhatsApp platformalaryna eýeçilik edýän Meta 2017-nji ýylda Trampyň we 2021-nji ýylda Baýdeniň döwlet başyna geçiş dabaralaryny goldamandy. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg 2024-nji ýylyň noýabrynda Trampyň Mar-a-Lago rezidensiýasyndaky agşamlyk naharyndan soň 1 mln dollar bagyş etmek kararyna geldi. Ýatlap geçsek, Meta 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kapitoliýadaky aýgytly hereketden soň, Facebook-da Trampyň akkauntyny wagtlaýyn petikläp, ony ýagdaýy öjükdirmekde aýyplady. Muňa jogap hökmünde Tramp tehnologiýa kompaniýalaryny konserwatiw media senzurasynda aýyplap, öz sosial ulgamyny – Truth Social-y işe girizdi. Facebook-da Trampyň akkauntyna giriş 2023-nji ýylda soňlugy bilen ýatyrylan çäklendirmeler bilen dikeldildi. Trampyň birinji prezidentlik döwründe syýasatçynyň Amazon bilen hem dawasy boldy: ol kompaniýany bazardan beýleki oýunçylary gysyp çykarmakda günäkärläp, onuň salgyt syýasatyny tankytlady. Financial Times-yň habar bermegine görä, indi bir million dollar bagyş etmekden daşary, Amazon täze Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasyny özüniň Prime Video akym hyzmatynda görkezmek hukugyna eýe boldy. Kompaniýanyň esaslandyryjysy we eýesi Jeff Bezos Trampyň Mar-a-Lago rezidensiýasyna baryp görmegi-de meýilleşdirýär. Şeýle-de, Sem Altmanyň hem Tramp bilen dartgynly gatnaşygy boldy: ol syýasatçynyň 2016-njy ýylyň Prezident saýlawlaryndaky ýeňşini “durmuşynda iň erbet waka” diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir