Hytaýda Logon Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, özbaşdak işleýän RT-G robotyny synagdan geçirip başladylar. Şar görnüşli robot köçelere gözegçilik etmäge we ýaraglanan howply jenaýatçylary yzarlamaga ukyply diýip, Interesting Engineering habar berýär. Model kyn şertlerde işlemek üçin döredildi. Ol gury ýerde-de, suwda-da hereket edip biler. Robotyň agramy 125 kg, tizlige sagatda 35 km-e ýetýär we dört tonna çenli urga çydap bilýär. RT-G ýüzleri tanadýan we bidüzgünçilikleri ýüze çykarýan emeli aň bilen enjamlaşdyrylandyr. Oňa oturdylan ulgamlar hadysalar barada polisiýa habar bermäge ýa-da düzgüni bozýanlary özbaşdak zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär. Robotyň ýaragy ölüm howply däl, ol tor atýan ýarag we göz ýaşardyjy gaz pürküjiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Robot eýýäm şäher köçelerinde synagdan geçirilýär. Internetde ýerleşdirilen wideolarda şar görnüşli robotyň polisiýa işgärleri bilen birlikde şübhe astyna alnanlary yzarlamaga we tertip-düzgüni saklamaga kömekleşişi görkezilýär. Bilermenler RT-G-e robotlaryň hukuk goraýjy ulgama ornaşdyrylyşynyň täze tapgyry hökmünde garaýarlar. Hytaý hukuk goraýjy tejribä innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyryp, bu pudagy işjeň ösdürýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir