2025-nji ýylyň täze Toyota 4Runner wnedorožnigi indiki ýylyň başynda satuwa çykarylar. Motor1-iň habar bermegine görä, bu modeliň soňky 15 ýylda ilkinji doly täzelenişidir. Wnedorožnigiň esasy wersiýasynyň bahasy 42 220 dollardan başlar, bu bolsa 2024-nji ýylyň 4Runner SR5-niň esasy wersiýasyndan bary-ýogy 65 dollar gymmatdyr. Wnedorožnik indi täze hereketlendiriji we geçiriji bilen enjamlaşdyryldy. 4Runner atmosferaly 4,0 litrlik V6 hereketlendirijisini we 5 tizlikli geçirişini ýitirýär. Olaryň deregine iki hereketlendiriji elýeter bolar. Olar - 278 at güýji bolan 2,4 litrlik dört silindrli turbo görnüşli hereketlendiriji we 326 at güýji bolan, 100 km üçin 9,8 litre çenli ýangyç sarp edýän I-Force Max gibrid gurluşy. Alyjylar TRD Pro we iň soňky Tacoma-da çykan täze Trailhunter ýaly, dokuz sany komplektasiýadan birini saýlap bilerler. SR5 we TRD Sport 2WD modelleri - eltip bermek hyzmaty bilen bile hasaplanyňda 50 000 dollardan geçmeýän ýeke-täk komplektasiýalardyr. TRD Sport-a doly hereketli tigirler goşulsa baha 2000 dollar ýokarlanar. Trailhunter bilen TRD Pro modelleriň iň gymmadydyr, olaryň her biri eltip berme hyzmaty bilen birlikde 68 350 dollar durýar. Bu Tacoma-nyň deňeşdirip boljak modellerinden birnäçe müň dollar gymmat. Şeýlelik bilen, 2025-nji ýylyň Tacoma Trailhunter-iniň bahasy 64 850 dollar, Tacoma TRD Pro-nyň bahasy bolsa - 65 350 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir