ABŞ-da iň beýik bina bolmaly bolan Oklahoma-Sitidäki The Boardwalk at Bricktown diňiniň gurluşygy awiasiýa howpsuzlygy bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli togtadyldy. Howa hereketi üçin bolup biljek howp barada Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) mälim etdi. Ýerli häkimiýetler we awiasiýa hünärmenleri 581 metr beýiklikdäki diňiň sebitdäki üç howa menzili, şol sanda Uill Rojers adyndaky halkara howa menzili we Tinker awiabazasy üçin kynçylyk döredip biljekdigini aýdýarlar. Binanyň beýikligi uçuş we gonuş ýollarynyň üýtgedilmegini talap eder, bu bolsa heläkçilik howpuny ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, Oklahoma-Siti harasatlaryň işjeňliginiň ýokary bolan zolagynda – “Tüweleýleriň alleýasynda” ýerleşýär. Ýaşaýjylar binanyň güýçli ýele garşy ejiz bolmagyndan gorkýarlar, bu hem goşmaça howp döredýär. Diň beýikligi 105 metre ýetýän ýene üç binany öz içine alýan meýilleşdirilen toplumyň bir bölegidir. Kaliforniýaly milliarder Skot Mettesonyň başlangyjyndaky 1,6 mlrd dollarlyk taslama 2025-nji ýyla süýşürildi. Işewür FAA-nyň gutarnykly çözgüdine garaşýar. Bu diň şäheriň häzirki rekord eýesinden – 257 metr beýiklikdäki Dewon Tauer diňinden iki esse beýik bolardy. Şeýle-de bolsa, 700 müň adamdan ybarat ilaty bolan Oklahoma-Sitiniň köp ýaşaýjysy şähere şeýle ägirt uly taslamanyň hakykatdan hem gerekdigine şübhelenýär.