Ylmy gözlegçiler döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen IV asyrda häzirki Türkiýäniň çäginde ýaşan keramatly Nikolaý Mirlikiýskiniň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdiler. Hut onuň şahsyýeti Santa-Klausyň obrazynyň peýda bolmagy üçin esas boldy. Ylmy gözleg onuň kelle süňküniň we gadymy suratlandyrmalaryň derňewine esaslanýar diýip, Daily Mail habar berýär. Alymlar topary 1950-nji ýyllarda italiýaly antropolog Luiji Martino tarapyndan böleklerden ýygnalan kelle süňküni ulandy. 3D modelirleme usulynyň kömegi bilen Nikolaýyň ýüzüniň wirtual gurluşy döredildi. “Kelle çanagy iri, dolmuş ýüz bolsa 1823-nji ýylda “Keramatly Nikolaýyň gelmegi” goşgusyndaky suratlandyrma bilen gabat gelýär” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Sisero Morais belledi. Şeýle-de, alymlar Nikolaýyň hroniki artritden we kellagyrydan ejir çekendigini anykladylar. Muňa garamazdan, ol özüniň ýagşylygy we garyplaryň öýlerine sowgatlary gizlin goýup, kömek etmegi bilen şöhratlanypdyr. Soňrak onuň keşbi Niderlandlarda Sinterklaasyň döremegine ruhlandyrdy, ol hem wagtyň geçmegi bilen ABŞ-da Santa-Klausa öwrüldi. Hünärmen diňe bir ýüz keşbi däl, eýsem gadymy ikonografik çeşmelere daýanyp, Keramatly Nikolaýyň egin-eşigini hem dikeltdi. Alymlar Roždestwo sahylygynyň nyşanyna öwrülen adamyň durmuşy barada has köp maglumat bilmek üçin, Nikolaýyň galyndylaryny öwrenmegi dowam etdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir