Britaniýanyň The Rolling Stones rok topary özüniň ilkinji RS No.9 atyryny hödürledi. Bu müşk ady rowaýata öwrülen toparyň aýdym-saz mirasyndan we 1960-njy ýyllaryň ruhundan ylham alýar diýip, Buro24 / 7 habar berýär. Atyr hoşboý yslar äleminde täzelikçi Nirvana Brands we Universal Music Group-yň merçandaýzing boýunça bölnüp aýrylan Bravado kompaniýasy bilen bilelikde döredildi. Atyryň konsepsiýasy 1962-nji ýylda toparyň taryhynyň başlanan ýeri bolan Londondaky Soho etrabyny alamatlandyrýan pitneçi ruhuň we aňrybaş inçeligiň utgaşmasy esasynda guruldy. Kompozisiýany atyrçy Ketrin Selig döretdi. Hoşboý ys bergamot, limon we burbon äheňlerini dubuň we müşküň çuňňur öwüşginleri bilen birleşdirýär. Selig toparyň özboluşly stilini, erkin ruhuny we mirasynyň köp gyraňlylygyny görkezmek isländigini nygtady. Çüýşesiniň dizaýny toparyň Londondaky RS No.9 Carnaby dükanynyň estetikasyny şöhlelendirýär. Ol aýdymyň sözleri görnüşindäki graffitiler bilen bezelip, gapagy bolsa 1970-nji ýylda Jon Paşeniň döreden däp bolan dili we dodak logotipi bilen üstünlikli jemlenýär.