Öňdebaryjy içgi öndürijisi we plastik zibilleriniň iň uly çeşmeleriniň biri Coca-Cola gaýtadan işlenen materiallary ulanmak boýunça “meýletin ekologiýa maksatlaryna” gaýtadan seretdi. Öň, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz önümleriniň gaplamalarynda 50% gaýtadan işlenen materialyň ulanylmagyny gazanmaga wada berdi. Häzir bolsa meýilnamalar 2035-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 35-40% bolmagyny göz öňünde tutýar. Ekologlar bu çözgüdi tankytlap, ony daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagyna garşy göreşde bir ädim yza gaýtmak diýip atlandyrýarlar diýip, CNN habar berýär. Kompaniýanyň wekilleri bu çözgüdi ýüze çykarylan näsazlyklara we toplanan tejribelere uýgunlaşmagyň zerurlygy bilen düşündirdiler. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, bu hereket Coca-Cola-nyň plastik hapalanmalaryna garşy göreşmäge ukyply däldigini görkezýär. Belläp geçsek, 2023-nji ýylda Break Free from Plastic ekologik guramasy yzygider altynjy ýyl Coca-Cola-ny iň uly plastik hapalaýjysy hökmünde ykrar etdi. 40 ýurtda ýygnalan 537 müň birlik zibiliň 33 müňüsi hut şu kompaniýa degişlidir. Maksadyndan yza gaýtmagy kompaniýanyň öz ekologik borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyna şübhe döredýär. Bilermenler şeýle ädimleriň daşky gurşawy goramak boýunça global tagallalara ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurýar.