Barselona uniwersitetiniň alymlary Marsyň demirgazyk ýarym şaryndaky giňligi 2896 km bolan düzlügiň geljekde Ýerden daşardaky ýaşaýyş üçin esasy gözleg meýdançasy bolup biljekdigini aýtdylar. Bu barada Daily Mail habar berýär. Gözlegçileriň pikiriçe, Asidaliý düzlügi diýlip atlandyrylýan sebitiň topragynda keseki mikroorganizmleriň bolmagy we köpelmegi üçin ýeterlik mukdarda suw, ýylylyk hem energiýa bar. Alymlar: "Bu geljekki missiýalar üçin Marsyň üstünde ýaşaýyş-durmuşy gözlemek üçin geljegi uly bolan sebitdir" diýip bellediler. Gözlegçiler indiki ädim hökmünde, ýaşaýşyň bu düzlükde döräp biljekdigini ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin buraw işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, degişli tehnologiýalaryň ýoklugy sebäpli häzirlikçe şular ýaly gözlegleriň goýbolsun edilmeli boljakdygyny bellediler. Bu ýagdaýda edilen açyş has köp gözlegler üçin esas bolup biler. Şeýle-de Gyzyl planetanyň atmosferasynda metanyň barlygy baradaky jedelleri çözmäge hem kömek eder diýip, rambler.ru ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir