Niderlandlardan bir höwesjeň Witmarsum şäheriniň golaýyndaky ekin meýdanlarynda wikingleriň döwrüne degişli seýrek duş gelinýän tapyndyny ele saldy. Ol tapyndy ýabany ýekegapanyň şekili bilen bezelen we X asyra degişli gylyçdyr. Bu barada Friz akademiýasynyň metbugat beýanatyna salgylanyp, “Fox News” habar berýär. Sander Wisser demir gözleýän (detektor) bilen ekerançylyk ýerlerini gözden geçireninde gylyjyň bir bölegini tapdy. Enjam duýduryş sesini aldy. Kiçijik çukur gazandan soň, Wisser gylyjyň sapyny bezeýän elementi tapdy. Taryhçy Nelleka Eýssennagger-wan der Plýuýmyň pikiriçe, bu tapyndy sebit üçin özboluşlydyr. Ýabany ýekegapanyň kelleleriniň gylyjyň sapynda şekillendirilmegi wiking medeniýetinde güýçlüligi we gaýduwsyzlygy aňladýardy. Şeýle-de ol şekil goranmak we söweş bilen baglanyşyklydyr. Tapyndy Frisiýa bilen Wikingleriň arasyndaky taryhy baglanyşyklary görkezýär we gözleg üçin täze mümkinçilikleri açýar. Tapyndy barada goşmaça maglumatlary 2025-nji ýylyň ahyrynda hödürlenmek meýilleşdirilýär diýip, rambler.ru ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir