Alymlar Merkezi Hytaýda gadymy adamlaryň galyndylaryny tapdylar, olara Homo juluensis ýa-da “uly kelleli adam” (hytaýça Ju lu – äpet kelle) diýlipdir. Bu gominidler 300–50 müň ýyl ozal ýaşapdyrlar, olaryň giň kelleçanaklarynyň içindäki beýniniň göwrümi 1700 sm³-e çenli bolup, häzirki adamlaryňkydan (1250–1600 sm3) uludyr diýip, Live Science habar berýär. Bu açyş, Nature Communications-da neşir edilen barlagda beýan edildi. Galyndylar ilkinji gezek 1974-nji ýylda Sýuýszýaýao diýen ýerde tapyldy, soňra şuňa meňzeş tapyndylar Gündogar Aziýanyň beýleki sebitlerinde hem tapyldy, ýöne indi alymlar olary aýratyn görnüş hökmünde kesgitlediler. Barlagçylar Homo juluensis bilen neandertallaryň, denisowlaryň we häzirki zaman adamlarynyň arasyndaky meňzeşlikleri belläp, görnüşleriň dürli ilatynyň arasynda biri-biri bilen garylmaklary arkaly ýüze çykyp biljekdigini çaklaýarlar. Homo juluensis, takmynan, 300 müň ýyl ozal uly bolmadyk topar bolup ýaşapdyrlar, güzeran aýlamak üçin kiçi toparlarda ýabany atlary awlapdyrlar we daşdan zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Hatda, takmynan, 50 000 ýyl ozal ýitip gitmänkäler, geýim üçin haýwan derilerini eýlän, işläp bejeren bolmaklary hem mümkin. Üzňe ýaşandyklaryna garamazdan, megerem, olar beýleki gominidler bilen düýbünden gatnaşyk saklamandyrlar diýip bolmaz. Bu açyş häzirki zaman adamlary ýerli görnüşleri göçüripdir diýen ewolýusiýanyň nusgawy modelini şübhe astynda goýýar. Alymlar Aziýada adam ewolýusiýasynyň sebitdäki ilatyň dürlüligini düşündirýän gibridleşmäni öz içine alyp biljekdigini çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir