Kuweýtde iň gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy. Onuň 7000 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär. Kuweýtli we polşaly alymlaryň bilelikdäki arheologiki missiýasy Kuweýtiň demirgazygyndaky Bahra-1 diýilýän ýerde açyş etdi. Barlaglar şaý-sep ussahanasynyň miladydan öňki 5500-4000-nji ýyllar aralygynda sebitde bar bolan Ubaýd medeniýetine degişlidigini görkezdi. Bahra-1 Arap ýarym adasyndaky Ubaid döwrüniň iň uly ilatly nokadydyr. Bu ýer 2009-njy ýyldan bäri güýçli barlaglaryň alnyp barylýan ýeridir. Täze tapyndy keramika öndürmekde we şaý-sep ýasamakda möhüm merkez hökmünde onuň ornuny has hem pugtalandyrdy. Ussahanada elýuwaryň nowajygynyň bezegleri, keramikanyň bölekleri we däp-dessurlarda ulanylan, çig toýundan ýasalan gap-gaçlar saklanyp galypdyr. Esasanam, arheologlaryň ünsüni, takmynan, 7700 ýyl töweregi ýaşy bolan, kelläniň palçykdan ýasalan kiçijik guýma şekili özüne çekdi. Ubaid medeniýetine mahsus bolan gönüburç şekilli, çaşy gözli we ýasy burunly heýkeljik bu sebitden tapylan ilkinji sungat eseri boldy. Geçirilen derňew Bahru 1-iň Pars aýlagynda keramikanyň iň gadymy önümçilik mekany hasap edilip bilinjekdigini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir