Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyz Dafne Filşteýner tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy. 3500 ýyldan gowrak ýaşly bu artefakt Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler müdirligine öwrenmek üçin geçirildi diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar. Gyz gadymy Müsür tumaryny Hod-ha-Şaronyň golaýyndaky Tel-Kana sebitine maşgala bolup gezelenji gidenlerinde tapdy. Dafna ýerde adaty bolmadyk bir daşy gördi, soňra daşyň mukaddes sungat eseridigi belli boldy. “Täsin daşy elime alyp, ejeme görkezdim. Ol munuň ýönekeý daş ýa-da monjukdygyny aýtdy. Ýöne men onuň üstünde nagşynyň bardygyny gördüm we munuň başgarak zatdygyny aýtdym "- diýip, Dafna gürrüň berdi. Tumarda kellesi guýrugyna tarap bakyp duran iki içýan şekillendirilipdir. Bürünç asyry boýunça hünärmen doktor Ishak Pazyň sözlerine görä, içýanlar ölüleriň we tebipleriň howandary, zäherli çakylmalardan goraýjy hasaplanýan Selket (ýa-da Serket) hudaýyny alamatlandyrýar. Müsürliler onuň göwreli aýallary öz penasynda saklaýanygyna ynanýardylar. “Tumardaky başga bir bezeg “gowy” ýa-da “saýlanan” manysyny berýän “nefer” nyşanydyr. Şeýle-de, patyşa hasasyna meňzeş bir nyşan bar" – diýip ol belledi. Munuň tumar bilen balzamlamak däp-dessurlarynyň arasyndaky baglanyşygy görkezip biljekdigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Tomzak gadymy Müsürde täzeden dikelişiň we täze durmuşyň nyşany bolupdyr. Gündogardan günbatara tezek togalap barýan tomzak Günüň asmanda gündelik geçýän ýoluny gaýtalaýar diýip hasaplanypdyr. Mundan başga-da, tomzaklar ýumurtgalaryny şol tezegiň üstüne guzlaýarlar, soňra olardan nesiller - täze durmuş döreýär. Şeýle tumarlar Ysraýylda-da duş gelýär, bu sebite Müsüriň täsiriniň bardygy bilen baglanyşykly. Barlagçylar tumaryň hormatlanýan bir adama degişlidigini ýa-da bilkastlaýyn galdyrylandygyny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, ýanynda ýazgynyň ýoklugy sebäpli, onuň takyk taryhyny kesgitlemek mümkin däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir