27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Žan Todt Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar. Şeýle hem 2022-nji ýylda “Durnukly ulagyň dostlary topary” döredildi. Topar durnukly ulag ulgamynda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam berýär. Žan Todt öň 2013-nji ýylda we 2016-njy ýyllarda Türkmenistana sapar bilen gelipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir