Halkara alymlar topary tok ulanman, howadan çyglylygy toplamaga ukyply material döretdiler. Bu tehnologiýa gurak sebitlerde suw ýetmezçiligi meselesiniň çözgüdi bolup biler diýip, naked-sciencu.ru ýazýar. Professor Panse Naumowyň ýolbaşçylygyndaky himikler “Ýanus kristallary” atly kompozisiýany hödürlediler. Olar gidrofil we gidrofob häsiýetlerini birleşdirýär, bu bolsa suw buglaryny ele almaga we emele gelen damjalary energiýa ulanman, daşamaga mümkinçilik berýär. Dizaýn gurak sebitlerde haýwanlarda we ösümliklerde çyglylygy ýygnamak mehanizmlerinden ylham alýar. Käbir çöl mör-möjekleri, hažžyklar gidrofil we gidrofob zolaklaryny birleşdirýän ýörite ýerüsti gurluşy ösdürdiler. Gidrofil ýerleri damjalarda ýygnanýan suwy özüne çekýär. Soňra bu damjalar gidrofobiki suwdan goraýan zolaklardan geçýärler. Bu haýwanlara ýylda bir santimetrden az ygal ýagýan ýerlerde-de howadan çyglylyk ýygnamaga mümkinçilik berýär. Alymlar üç sany organiki birleşmäni saýladylar we olardan sagatda bir inedördül santimetr material üçin 16 grama çenli suw ýygnamaga ukyply çeýe kristallary ösdürip ýetişdirdiler. Kristallar görünýän ýagtylyga aýdyňdyr, bu bolsa öwrenmegi we kondensasiýa ýagdaýyna gözegçilik etmegi aňsatlaşdyrýar. Öňki tehnologiýalardan tapawutlylykda, täze material suw ýygnamak we daşamak funksiýalaryny birleşdirýär, bu bolsa ony has täsirli edýär. Gözlegçiler Ýanus kristallarynyň gaty süýjediji gymmaty aralyk energiýa üpjünçiligi bolan sebitlere süýji suw berip biljekdigine ynanýarlar. Gözlegiň netijeleri "Journal of the American Chemical Society" atly žurnalynda neşir edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir