Brodweýiň “Zalym: Günbataryň jadygöýi hakynda erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада) mýuzikliniň ekranlaşdyrylmasy ilkinji uikendde 164 mln dollar ýygnady. Olaryň 114 mln dollary ABŞ-nyň paýyna düşýär, bu bolsa žanr üçin rekorddyr. Ariana Grandeniň gatnaşmagyndaky film 2024-nji ýylyň iň üstünlikli startlarynyň üçlügine girdi, ol diňe “Dedpul we Rosomahadan” (211 mln dollar) we “Tapmaça 2-den” (154 mln dollar) yza galýar. Analitikler filmiň ahyrky kassa ýygymynyň 1 mlrd dollara ýetip biljekdigini çaklaýarlar. “Zalym” Oz ýurdunyň iki jadygöýi, olaryň dostlugy, bäsdeşligi we diýdimzorluk bilen göreş barada gürrüň berýär. Ikinji bölümini 2025-nji ýylyň noýabr aýynda çykarmak meýilleşdirilýär. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, filmiň çykmagy giň gerimli mahabat kampaniýasy bilen utgaşdy. Filmi ilerletmek üçin Universal Pictures kompaniýasy Starbucks we Target ýaly 450-den gowrak hyzmatdaşy özüne çekdi, bu hem umumylykda 350 mln dollara barabar bolan rekord media goldawyny üpjün etdi. Studiýanyň özi marketing üçin ýene 150 mln dollar sarp etdi. Ýörite mahabat çäreleri iri brendler bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Mysal üçin, bu kampaniýanyň çäklerinde Starbucks tutuş dünýä boýunça özüniň 20 müň kofehanasyny işe çekdi. Köpçülikleýin marketing kampaniýasy Pariždäki Olimpiýa oýunlary wagtynda başlady. Şol bir wagtyň özünde Ridli Skottuň “Gladiator 2” filmi 220 mln dollar kassa ýygymyndan geçdi. ABŞ-da (55 mln dollar) we Hytaýda görkezilenden soň, analitikler filmiň potensialynyň ýokarydygyny belleýärler. Filme harajaty ödemek üçin 600 mln dollar ýygnamak gerek, ýöne kassa ýygymynyň 1 mlrd dollardan geçmegine garaşylýar. Filmiň dowamynyň wakasy birinji bölümiň wakasyndan 25 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Baş rollarda Pol Meskal, Pedro Paskal, Denzel Waşington we Jozef Kuinn çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir