Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Solar Orbiter hemrasynyň kömegi bilen düşürilen Günüň üstüniň täze suratlaryny çap etdi. Bular häzire çenli Älem Ýagtylgyjynyň üstüniň iň takyk we ýokary hilli suratlarydyr. Hemra Güni, takmynan, 74 million kilometr uzaklykdan surata düşürdi, bu onuň Ýer bilen aralygyna garanda iki esse ýakyndyr. Apparat dört sany suraty aldy: gün fotosferasynyň görünýän spektrdäki şekili, materiýanyň üstdäki hereketiniň kartasy (gök reňk - hemra tarap, gyzyl – hemradan gaýdýan), magnitogramma we ultramelewşe diapazondaky surat. Her bir surat dört sagadyň dowamynda alnan 25 kadrdan durýan mozaikadan ybarat. Suratlarda Gün diskiniň diametri takmynan 8 müň piksel. ESA-da Solar Orbiter-iň şeýle derejedäki suratlary ýylda iki gezek ibermäge ukyplydygyny aýtdylar. Barlaglar Günde bolýan prosesleriň dinamikasyny we olaryň tutuş Gün ulgamyna edýän täsirini öwrenmäge kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir