Alp daglarynyň italýan böleginde Pisso Trezero buzlugynyň eňňitlerinde arheologlar bürünç eýýamyna degişli petroglifleri tapdylar. 3000 metrden gowrak belentlikde ýerleşýän bu şekiller Ýewropadaky iň beýik gaýa suratlary bolup durýar diýip, Arkeonews ýazýar. Adaty bolmadyk gazma nagyşlary ilkinji bolup ýerli syýahatçy Tommazo Malinwerno gördi. Ol öz tapyndysy barada habar berdi we bu barlaglaryň başlanmagyna sebäp boldy. Şekiller öwrenilende, olaryň miladydan öňki 1600–1200-nji ýyllara degişlidigi belli boldy. Petrogliflerde adamlaryň, haýwanlaryň, spirallaryň we geometrik elementleriň şekilleri bar. Käbir alymlar şekilleriň simwoliki ýa-da ruhy manylara eýe bolandygyny ýa-da topografiki bellikler bolup hyzmat edendigini çaklaýarlar. Sebit soňky döwürde, köplenç, dürli gyzykly açyşlar bilen hünärmenleri begendirýär. Ozal bu ýerlerden uzak bolmadyk ýerde, Waltellina-Orobi dag gerşinde alymlar taryhdan öňki ekoulgamyň bardygyna subutnamalary tapdylar. Hususan-da, takmynan, 280 million ýyl ozal ýaşap geçen, perm döwrüne degişli süýrenijileriň we ýerde-suwda ýaşaýanlaryň oňat saklanyp galan yzlaryna duş geldiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir