Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täze S5 sport modelini resmi taýdan hödürledi. Awtoulag indi, S4 we S5 Sportback-iň öňki wersiýalary ýaly, sedan we hetçbek kuzowlarynda goýberilmän, diňe uniwersalyň kuzowynda hödürlenýär diýip, Motor1 ýazýar. Modeliň agramy Ýewropa spesifikasiýasynda 1950 kg, bu köne dizel hereketlendirijili S4-den 155 kg agyr diýmekdir. Benzin hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan S4-iň amerikan wersiýasy bilen deňeşdirilende, tapawut 190 kg-a ýetýär. 2025-nji ýylyň Audi S5-inde 365 at güýjüni öndürýän 3,0 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji, ähli tigirleri hereketlendirýän quattro ulgamy we sekiz tizlikli iki ssepleniýeli awtomatiki geçiriş bar. Dizaýn agressiw stili bilen ýatda galýar. Awtoulag dört sany tüsse çykary aldy.