Dubaýyň Emirates Minting Factory kompaniýasy agramy 300 kg-den gowrak bolan dünýäde iň uly altyn tokgasyny ýasap, Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Bu barada emirligiň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. “Emirates Minting Factory 300 kilogramdan gowrak agramly iň uly altyn tokgasyny taýýarlap, Dubaý üçin täze dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasy Dubaýda gymmat bahaly metallar boýunça maslahatyň ýapylyş dabarasynda bu üstünligiň nyşany hökmünde gowşuryldy” – diýlip, Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. Emirates Minting Factory Dubaýyň Al-Kuz senagat zolagynda ýerleşýän affinaž zawodyna eýeçilik edýär. Kärhana gymmat bahaly metallary arassalamak bilen meşgullanýar we her gün 1000 – 1200 kg altyny we kümüşi gaýtadan işlemäge hem eretmäge ukyplydyr.