Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Fitch Ratings” agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürledi. Bu barada TDH habar berýär. Wise-premýer Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy. Wise-premýer degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini aýtdy. Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň awgustynda “Fitch Ratings” halkara reýting agentligi Türkmenistanyň karz reýtingini «B+» bolanlygyndan «BB-» çenli ýokarlandyrdy. Reýting boýunça çaklama - "Durnukly". Kredit reýtingi harplarda belgilenýär - «A», «B», «C». Bu ýerde «A» reýtingiň ýokarsynda ýerleşýär. "B" görkeziji "B-", "B", "B+" görkezijilerden ýokardan ýerleşýär, ondan soň "BB-", "BB", "BB+" ýerleşýär we şeýdip, "BBB+" görkezijä çenli ýokarlanyp gidýär. Ondan ýokarda "A" belgiler başlanýar. Bu reýting banklar we beýleki guramalar tarapyndan, şol sanda, ýurda garaşsyz maýa goýum bahalandyrmasyny almak isleýänler tarapyndan ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir