Ford awtokonserni elektromobillere bolan islegiň gowşamagy we hytaý öndürijileri bilen berk bäsdeşlik sebäpli, Ýewropada 4000 töweregi iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada beýana salgylanyp, Financial Times habar berýär. Bu meýilnama 2027-nji ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçiriler we Germaniýada 3000, Beýik Britaniýada 800 töweregi iş ornuna täsir eder. Azaldyljak iş orunlarynyň umumy sany awtokonserniň Ýewropadaky ähli işçi güýjüniň (28 000 orun), takmynan, 14%-ine deň bolar. Häzirki wagtda meýilnamalar kärdeşler arkalaşyklary bilen maslahatlaşylýar. “Ford-yň geljekde Ýewropada bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin kyn, ýöne aýgytly çäreleri görmek örän möhüm” – diýip, Ford-yň sebitdäki wise-prezidenti Deýw Jonston belledi. Islegiň gowşamagyndan baş çykarmak üçin, Ford kompaniýasy öz hatarynda awtomobilleriň sanyny azaltdy. Konsern “has girdejili ugurlara” üns bermekçi diýlip, beýanda aýdylýar. Öň, Ford-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Jim Farli kompaniýanyň elektromobil önümçiligi üçin 40% az işçiniň gerekdigini aýdypdy. Awtokonserniň baş maliýe müdiri Jon Louler Germaniýanyň hökümetine ýüz tutup, häkimiýeti “bazar şertlerini gowulaşdyrmak üçin has köp çäre görmäge” çagyrdy. Ýatlap geçsek, ozal Ýewropada iň uly awtoöndürijileriň biri bolan Volkswagen hem islegiň azalmagy we Hytaýda bazar paýynyň ýitmegi sebäpli, Germaniýada üç zawodyny ýapmagy we on müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir