Kantar kompaniýasynyň analitikleriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon satuwy sebit tapawutlaryny görkezýär. ABŞ we Ýewropa ösüşi başdan geçirýär, Hytaýda we Ýaponiýada bolsa pese gaçyş hasaba alynýar. Seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda bellenilen döwürde global smartfon satuwynyň 2% azalandygy, ýöne käbir sebitlerde ters tendensiýalaryň hasaba alnandygy aýdylýar - ABŞ-da satuw 21%, Ýewropada 13 % ýokarlandy. Bazarlaryň köpüsinde iPhone 15 hatarynyň smartfonlary öndebaryjy bolup galýar. ABŞ-da iň köp satylýan bäş modeliň bäşisi-de Apple-iň önümidir. Ýewropada hem iPhone agdyklyk edýär, ýöne ilkinji bäşlige Samsung-yň hem iki modeli girýär. Hytaýda liderleriň arasynda Huawei we Xiaomi smartfonlary-da bar. Ýapon bazarynyň aýratynlygy iň köp satylýan modelleriň bäşliginde iPhone SE-niň bolmagydyr. Mundan başga-da, dördünji orny Sharp Aquos Wish3 smartfony eýeleýär, bu hem Ýaponiýany beýleki bazarlardan tapawutlandyrýar. Bazar boýunça satuw lideri: Ýewropanyn iň uly 5 ýurdy: iPhone 15 Samsung Galaxy A55 Galaxy A15 iPhone 13 iPhone 15 Pro ABŞ: iPhone 15 iPhone 15 Pro Max iPhone 15 Pro iPhone 14 iPhone 13 Awstraliýa: iPhone 15 iPhone 15 Pro Max iPhone 13 iPhone 12 Samsung Galaxy A55 Hytaý: iPhone 15 Pro Max iPhone 15 Huawei Pura 70 iPhone 15 Pro Xiaomi 14 Ýaponiýa: iPhone 15 Pixel 8a iPhone 14 Sharp Aquos Wish3 iPhone SE Kantar kompaniýasynyň hasabatyndaky 25 ornuň 18-isi Apple önümlerine degişlidir. Bu statistika kompaniýanyň önümlerine bolan durnukly gyzyklanmany görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir