Dubaýyň halkara howa menziliniň çäginde (BAE) dört sany Joby Aviation aerotaksi portunyň ilkinjisiniň gurluşygy başlandy. Howa ulagy 2025-nji ýylyň ahyrynda Emirligiň çäginde gatnawyna başlar. Kaliforniýanyň Joby Aviation kompaniýasy dik uçýan we gonýan (eVTOL) elektrik aerotaksilerini döretmegiň üstünde işleýär. Aerotaksiler Dubaýyň Palm-Jumeýra we Dubaý-Marina ýaly esasy etraplarynyň arasynda çalt gatnawy üpjün eder. Bir Joby aerotaksisi dört ýolagçyny gatnadyp biler. Ulagyň tizligi sagatda 320 kilometre çenli ýetip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir