iSeeCars.com seljeriş portalynyň hünärmenleri pajygaly gutarýan ýol-ulag hadysalarynyň statistikasyny öwrenmek bilen uly göwrümli gözleg geçirdiler. Netijeler käbir awtomobil modelleriniň beýlekilere garanyňda pajygaly netijeler bilen gutarýan heläkçiliklere has köp sezewar bolýandygyny görkezdi. Ýygnalan maglumatlaryň esasynda antireýtingiň liderleri Hyundai Venue, Cehvrolet Corvette, Mitsubishi Mirage, Porsche 911, Honda CR-V Hybrid boldy. Bu modeller ýollarda heläkçiligiň ýokary derejesini görkezdiler, ol beýleki awtomobilleriň ortaça görkezijilerinden bäş esse ýokarydyr. Aýratynam, Hyundai Venue sürüjileriň pajygaly ýol-ulag hadysasyna uçramak töwekgelçiliginiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, ýokary töwekgelçilikli hasaplanýan 23 awtomobiliň hatarynda öňdebaryjy sürüji üçin kömek ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyna garamazdan, Tesla-nyň iki modeli – Model Y we Model S hem bar. Bu sanawa Kia Forte, Seltos, K5 we Soul modelleri-de girdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, ykjam we sub-ykjam awtomobilleriň howply ýagdaýlara uçramagynyň esasy sebäpleriniň biri olaryň göwrümidir. Awtomobilleriň uly bolmadyk göwrümleri olary pikap we ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglar ýaly uly ulag serişdeleri bilen çaknyşmalarda has gowşak edýär. Hünärmenler meseläniň awtomobilleriň konstruktiw kemçiliklerinde däl-de, fizikadadygyny belleýärler: kiçi agram we göwrüm çaknyşmalarda ykjam awtoulaglaryň goragyny peseldýär. Ykjam awtomobillerden tapawutlylykda, doly herekete getirijili modeller ölüm howply heläkçilikleriň pes derejesini görkezdi. Bu olaryň uly agramy, has ýokary ýol aralygy (klirens) we ösen howpsuzlyk ulgamlary bilen baglanyşyklydyr. Uly göwrümli awtomobiller çaknyşma ýagdaýynda ýolagçylaryň goragynyň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir