"Car of the Year" ("Ýylyň awtomobili") ýewropa bäsleşiginiň guramaçylyk komiteti 2025-nji ýylyň baýragynyň finalçy awtoulaglarynyň sanawyny hödürledi. Bäsleşigiň gysga sanawyna Alfa Romeo Junior, Citroën C3, Cupra Terramar, Dacia Duster, Hyundai Inster, şeýle-de Kia EV3 we Renault 5/Alpine A290 (şol bir model hökmünde seredilýär) ýaly ýedi model girdi. Bularyň arasynda Hyundai-yň täze şäher awtomobili iň kiçi modeldir. Ýolsuz ýerden ýöreýän Duster awtoulagy bolsa Dacia kompaniýasynyň "Ýylyň awtomobili" baýragynyň gysga sanawyna giren ilkinji modelidir. "Ýylyň awtomobili" adyna dalaş etmek üçin awtomobiller täze bolmaly. Awtomobili saýlamak üçin umumy dizaýn, rahatlyk, howpsuzlyk, tygşytlylyk, dolandyryjylyk we ulanmaga ýaramlylyk, öndürijilik, sürüjiniň kanagatlanmasy we baha ýaly ölçegler göz öňünde tutulýar. Ilkibaşda uzyn sanawda 42 awtoulag hödürlendi. Dalaşgär modeller 23 döwletiň awtoulag neşirlerinden 60 žurnalist - emin agzanyň gatnaşmagynda geçirilen ses berişligiň birinji tapgyrynyň çäklerinde saýlandy. "Car of the Year" bäsleşiginiň ýeňijisi geljek ýylyň 10-njy ýanwarynda Brýussel awtosalonynda yglan ediler. 2024-nji ýylda ýylyň awtomobili Renault Scenic E-Tech elektrokrossoweri boldy. Bu model ses berişlikde 329 bal gazanyp, BMW 5 series, BYD Seal, Kia EV9, Peugeot 3008, Toyota C-HR we Volvo EX30 modellerinden öňe geçdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir