Wýetnamyň taryhynda ilkinji gezek “Miss International” titulyna bu ýurduň 22 ýaşly wekili Than Tuý eýe boldy. 12-nji noýabrda Tokioda geçirilen bäsleşigiň finalynda Than Tuý dürli ýurtlardan 70 gatnaşyjydan üstün çykyp, baş täji gazandy. Ol tituly Wenesueladan geçen ýylky ýeňiji Andrea Rubiodan miras aldy. Şeýle-de, ahyrky bäşlige Boliwiýadan, Ispaniýadan, Wenesueladan we Indoneziýadan gözeller gatnaşdy. “Men Miss International bäsleşiginde Wýetnamyň ilkinji wekili we indi bolsa Wýetnamdan ilkinji Miss International. Bu meniň dünýä boýunça auditoriýamyň we muşdaklarymyň söýgüsine we goldawyna mynasypdygymy görkezýär” – diýip, Than Tuý çykyşynda aýtdy. Than Tuý 2002-nji ýylyň 1-nji iýulynda Danangda doguldy. Ol Daşary ýurt dillerini öwreniş uniwersitetinde filolog bilimini alýar we munuň bilen ugurdaş Londonyň Grinwiç uniwersitetinde okaýar. 2022-nji ýylyň dekabrynda ol “Wýetnam gözeli” titulyny aldy we Fast Track Beauty with Purpose we Multimedia ýaly birnäçe kategoriýada finalçy boldy, şeýle-de sport bäsleşiginde ýeňiş gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir