Günorta Koreýanyň LG Display kompaniýasy dünýäde ilkinji süýnýän paneliň çykarylandygyny habar berdi. Çeýe displeý asyl ululygyndan 50% -e çenli ulalyp biler diýip, PR Newswire habar berýär. Displeý süýndirilen ýagdaýynda hem şekiliň hilini ýokary derejede saklaýar, bu bolsa çeýe elektronika üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze displeý şunuň ýaly ösen tehnologiýany işläp taýýarlamaga gatnaşýan senagat bilermenleri we alymlar bilen geçirilen duşuşykda görkezildi. Süýnýän displeýleriň döredilmegi hakyky tehnologiki açyş hasaplanýar, çünki şeýle paneller şekilini üýtgedip, süýnüp, eplenip we towlanyp bilýärler. LG-iň 12 dýuýmlyk täze displeýi şekiliň hilini ýitirmezden, bir dýuýmy 100 piksel dykyzlygy we RGB reňkleriniň doly diapazonyny saklamak bilen, 18 dýuýma çenli ulalyp biler. Süýnüş koeffisiýenti 20% bolan, 2022-nji ýylyň prototipi bilen deňeşdirilende, häzirki panel iki esse - 50% uzalyp bilýär. Süýnýän paneli döretmek üçin LG Display çeýe kremniý ýerligi, ýörite gurluşly simi we bary-ýogy 40 mikrometr ölçegli mikro-yşyklandyryjylary ulandy. Şeýle täzelikler aşa sowuk ýa-da yssy ýaly, aşa agyr şertlerde-de durnuklylygyny saklaýan displeý döretmäge mümkinçilik berdi. Süýnýän, inçe we ýeňil displeýleri bitekiz üstlere berkidip bolýar, bu bolsa olary senagatdan başlap, medisina we bilime çenli, dürli ugurlarda ulanmaga ýaramly edip biler. Şeýle panelleriň täjirleşdirilmegi çeýe elektronikanyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy bolup biler, onuň amaly ulanylyşyny we dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir