Ýerde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly adatdan daşary howa hadysalary soňky 10 ýylda dünýä ykdysadyýetine 2 trln dollardan gowrak möçberde zyýan ýetirdi. Bu barada Parižde Halkara söwda palatasynyň saýtynda ýerleşdirilen hasabatda aýdylýar. Hasabatda 2014-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda bolup geçen we umumylykda 1,6 mlrd adamyň durmuşyna täsir eden 4 müň töweregi howa hadysasy göz öňünde tutulýar. Ylmy gözlegçiler ýaşaýyş jaýlarynyň, kärhanalaryň we infrastruktura desgalarynyň ýumrulmagy netijesinde ýeten gönüden-göni zyýany hem-de howa şertleriniň zähmet öndürijiligine ýetirýän täsirini hasaba aldylar. Resminamada görkezilişi ýaly, “diňe soňky 2 ýylda global ykdysady zyýan 451 mlrd dollara ýetdi we bu geçen 8 ýyldakydan 19% köpdür”. 10 ýylyň dowamynda has uly zyýan çeken ýurt ABŞ boldy – 935 mlrd dollar. Onuň yzyndan Hytaý (268 mlrd dollar) we Hindistan (112 mlrd dollar) gelýär. Şeýle-de, ilkinji onluga Germaniýa, Awstraliýa, Fransiýa we Braziliýa girdi. “Soňky on ýyldaky maglumatlar howanyň üýtgemeginiň geljegiň meselesi däldigini görkezdi: adatdan daşary howa hadysalary sebäpli öndürijiligiň peselmegi eýýäm häzir ykdysadyýete täsir edýär” – diýip, palatanyň baş sekretary Jon Denton belledi. Ylmy gözleg Oxera konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Hasabat duşenbe güni Bakuwda açylan Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir