1957-nji ýylyň maý aýynda öndürilen iň soňky Mersedes-Benz 300SL Gullwing awtoulagy 22-nji noýabrda Las-Wegasdaky RM Sotheby's auksionynda satuwa çykarylar. Bu awtoulagdan jemi 1400 sanysy öndürildi. Bu bolsa onuň iň soňky nusgasydyr. Onuň 2,5-3,5 million dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar diýip, 32Cars.ru ýazýar. Özboluşly "çarlak ganatyna" meňzeş gapylary bolan bu model ilkibaşda ýaryş maksatly döredilipdi, ýöne soňra amerikaly importçy Maks Hoffmanyň teklibi bilen Mercedes 300SL köpçülikleýin ýollara uýgunlaşdyryldy. Satuwa çykarylan awtoulag açyk gyzyl reňkde bolup, onuň salony agymtyl reňkli deriden edilendir. 1957-nji ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek Poznan halkara ýarmarkasynda görkezilen awtoulag, sentýabr aýynda ABŞ-da satuwa çykaryldy. Awtoulagda onuň asyl hereketlendirijisi, geçirijisi we kuzowy saklanyp galypdyr. Mercedes 300SL alýumin Alloy Gullwing bolmasa-da, Rudi Kleiniň kolleksiýasynyň auksionynyň çäginde 9,35 million dollara satylan ulagy göz öňünde tutsak, ol öz bahasyna degýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir