Ýaponiýanyň meterologiýa boýunça esasy emeli hemrasy bolan "Himawari-9" (Günebakar-9) bölekleýin hatardan çykdy. Ýurduň Milli meteorologiýa dolandyryş Merkeziniň aýtmagyna görä, ol ilkinji nobatda Ýeriň ýüzünden infragyzyl şöhlelenmäniň tapylmagy bilen baglanyşykly suratlary ibermegini bes etdi. Bu barada rambler.ru habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, bölümiň habaryna görä, emeli hemra taýfunlaryň, güýçli ýagyşlaryň, ýelleriň hem-de deňizdäki gomlaryň we ş.m. hereketleriň boljakdygyny duýdurmagyny dowam edýär. Meterologiýa dolandyryş merkezi häzirki wagtda emeli hemranyň nämesiniň hatardan çykanyny doly anyklap bilmeýär we haçan düzediljekdigini-de aýtmaýar. "Himawari" geostasionar hemralaryň maşgalasyndan bolup, olaryň ilkinjisi 1977-nji ýylda uçuryldy. Ýaponiýadan başga-da, Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Awstraliýanyň hem-de Täze Zelandiýanyň meteorologiýa bölümleri bu enjamlardan maglumatlary alyp ulanýarlar. Bu hemralar howa şertleriniň üýtgemegine gözegçilik etmäge we tebigy betbagtçylyklary duýduryş bermäge kömek edýän maglumatlary ýygnaýar. "Himawari-9" 2016-njy ýylyň noýabr aýynda orbita çykaryldy diýip, rbc.ru ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir