Disney kompaniýasy we 20th Century Animation studiýasy “Buz eýýamy” (Ледниковый период) multfilminiň altynjy bölümini çykarar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, franşizanyň täze bölümi D23 Brasil festiwalynda anons edildi. Multfilmi döretmek işleri eýýäm alnyp barylýar, Disney täze bölümiň logotipini-de hödürledi. Altynjy bölümde Reý Romano (Menni), Jon Leguizamo (Sid), Kuin Latifa (Elli), Denis Liri (Diego) we Saýmon Pegg (Bak) öz rollaryna gaýdyp geler. Lentanyň 2026-njy ýylda prokata çykmagyna garaşylýar. “Buz eýýamynyň” birinji bölümi 2002-nji ýylda çykdy. Mamont, leniwes we gaplaň hakyndaky animasion film 383,2 mln dollardan gowrak girdeji gazanyp, şol ýylyň iň girdejili multfilmi boldy. Franşizanyň soňky bölümi “Buz eýýamy: Uly çaknyşyk” (Ледниковый период: Столкновение неизбежно) 2016-njy ýylda çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir