Huawei batareýanyň ömrüni, howpsuzlygyny we öndürijiligini ýokarlandyrjak täze gaty elektrolit batareýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa batareýalarda esasy meseleleriň biri bolan suwuk elektrolitleriň bozulmagynyň çözgüdi bolar diýip, Gizmochina ýazýar. Huawei-iň patentine görä, suwuk elektrolitleriň gaty materiallara çalşylmagy batareýanyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy sulfid gaty elektrolitiniň ulanylmagydyr. Onda ýokary energiýa dykyzlygy bar. Bu elektrolit çalt zarýad berişi goldap, pes temperaturalarda oňaýly netijeleri görkezýär. Şeýlelikde batareýa aşa gyzmaklykdan has gowy goralýar we onuň öz-özünden ýanmak howpy peselýär. Huawei-iň bu taslamasy diňe bir enjamlarda däl, eýsem elektromobillerde we energiýa saklaýyş ulgamlarynda hem ulanylyp bilner. Täze tehnologiýa elektromobil pudagynyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşini ep-esli çaltlaşdyryp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir