Changan konserni bilen Huawei kompaniýasy Hytaýyň Çunsin şäherinde sanly “akylly awtozawody” işe girizdi we bu ýerde eýýäm täze Avatr 07 krossoweriniň önümçiligi başlandy diýip, “Izwestiýa” habar berýär. Zawod 410 inedördül metr meýdany eýeleýär. Onda 1400-den gowrak robot we 650 awtonom ulag serişdesi işläp, olar çeýe we indiwiduallaşdyrylan awtomobil önümçiligini üpjün edýär. Zawodda Deepal S05 we Changan Qiyuan E07 modelleri-de öndürilýär. Modul ulgamynyň netijesinde, müşderiler öz awtomobilleriniň detallaryny, şol sanda reňki we konfigurasiýany saýlap bilerler. Bu hem önümçiligiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyryp, sarp edijileriň şahsylaşdyrmak isleglerini kanagatlandyrar. Zawodyň tehnologiýa infrastrukturasy Huawei tarapyndan işlenip taýýarlandy, ol önümçiligiň ähli tapgyrlaryny hakyky wagtda ýekeje kompýuter arkaly dolandyryş ulgamyny döretdi. China Unicom, öz gezeginde, zawody ýokary tizlikli 5G aragatnaşygy bilen üpjün edýär, bu hem zawodyň özbaşdak öwrenmegi we esasy prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy üçin emeli aň mümkinçiliklerini ulanmaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir