ABŞ-da geçirilýän Prezident saýlawlary ýurduň taryhynda iň gymmat saýlawlar boldy: demokrat Kamala Harris we respublikaçy Donald Tramp öz kampaniýalaryna bilelikde 3,5 mlrd dollar sarp etdiler diýip, Financial Times habar berýär. Demokratik partiýanyň Milli komitetine we baglanyşykly düzümlere, şol sanda Syýasy işjeňlik komitetine (PAC) 2,3 mlrd dollardan gowrak serişde ýygnamak başartdy we şolardan 1,9 mlrd dollar harçlanyldy. Respublikaçylar kampaniýany geçirmek üçin toplanan 1,8 mlrd dollardan 1,6 mlrd dollar gönükdirdiler. FT-niň seljermesine görä, serişdeleriň ýarysyna golaýy, esasan, ýedi “durnuksyz” ştatda (Arizona, Newada, Demirgazyk Karolina, Pensilwaniýa, Jorjiýa, Wiskonsin we Miçigan) KHBS-de we sosial ulgamlarda mahabata gönükdirildi. Mysal üçin, Pensilwaniýada dalaşgärleriň ikisi-de bu maksatlar üçin 400 mln dollardan gowrak serişde sarp etdiler (deňeşdirmek üçin, galan 43 “üýtgemeýän” ştatda – 358 mln dollar). Pensilwaniýada saýlaw wekilleriniň 19 sesi bar, ýeňiş gazanmak üçin bolsa 270 ses gerek. Çykdajylaryň ýene bir esasy bölegini administratiw we operasion çykdajylar düzýär, Harris bu maksatlar üçin 250 mln dollar, Tramp 210 mln dollar sarp etdi. Open Secrets täjirçilik däl guramasynyň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylda Prezident, senatorlar we kongressmenler saýlawlary boýunça kampaniýalara jemi 15,9 mlrd dollar, 2020-nji ýylda 15,1 mlrd dollar sarp edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir