Iň soňky hasaplamalara görä, 2024-nji ýylda dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi. Bu ösüşe şäherleşme prosesi uly goşant goşýar. Dünýädäniň iň uly şäherlerinde ilat sany has çalt ösýär. Size durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň merkezine öwrülen on sany şäheri hödürleýäris. Bu ägirt şäherleriň ilaty kiçi döwletleriň ilat sany bilen deňeşdirilýär. Tokio, Ýaponiýa Ilaty: 37 milliondan gowrak Tokio dünýäde iň uly şäher bolup, onuň ilatynyň gürlügi – km²-e takmynan 6224 adam. Ykdysady ösüş uruşdan soňky ýyllarda başlanyp, guramaçylykly zähmet arkaly dowam etdirilýär. Şäher özboluşly infrastrukturasy we ösen ulag ulgamy bilen tanalýar. Deli, Hindistan Ilaty: 33 milliondan gowrak Ilat sany boýunça ikinji ýerde durýan şäher, ilatynyň gürlügi – km²-e 13,7 müň adam. Deli ösýän pudaklary we maýa goýumlary bilen migrantlary özüne çekýär. Şeýle-de bolsa, şäheriň esasy meselesi sosial deňsizlik bolup galýar. Çunzin, Hytaý Ilaty: 32 million adam Hytaýyň iň uly şäheri bolan Çunzin häzirki zaman binagärçiligi we ösen senagaty bilen tanalýar. Şäheriň ýokary iş haklary, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi we işlemek üçin amatly iş şertleri köp ýaş hytaýlylary özüne çekýär. Şanhaý, Hytaý Ilaty: 29 milliondan gowrak Ilatynyň gürlügi km²-e 6340 adam bolan dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezlerinden biri. Şanhaý sebitiň iň uly deňiz porty we möhüm ulag merkezidir. Dakka, Bangladeş Ilaty: takmynan 24 million Ilatyň gürlügi km² takmynan 22 müň adam. Dakkada işsizlik derejesiniň ýokary bolandygy sebäpli, şäher köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Onuň ýaşaýjylary, esasan, öý hojalygynyň işleri bilen meşgullanýarlar. Dakkada rikşa-taksi sürüjileriniň sany 400 müň adama ýetýär. Mundan başga-da, Dakka daşky gurşawyň hapalanmagy boýunça dünýäde birinji ýerde durýar. San-Paulu, Braziliýa Ilaty: 22,8 million Şäher ilatynyň ýokary gürlügi (km²-e 7.216 adam) bilen häsiýetlendirilýär. San-Paulu Latyn Amerikasynyň söwda we senagat merkezidir. Kair, Müsür Ilaty: 22 milliondan gowrak Şäheriň ilat gürlügi km²-e 19 müň adam. Hökümet bu ýerdäki ilatyň köp bölegini Kairiň töweregindäki täze şäherlere göçürmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň üstünde işleýär. Mehiko, Meksika Ilaty: 22 milliondan gowrak Her km²-e 5270 adam gürlügi bolan Mehiko sosial deňsizlige we jenaýatyň ýokary derejesine sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa, bu şäher ýurduň iň uly ykdysady we medeni merkezi bolup galýar. Pekin, Hytaý Ilaty: takmynan 22 million Pekin içerki migrasiýasyny üstünlikli dolandyrýar we ýokary howpsuzlyk derejesini görkezip, syýahatçylary we maýa goýumlaryny özüne çekýär. Şäherde km²-e takmynan 1300 adam ilat gürlügi bar. Mumbaý, Hindistan Ilaty: 21 milliondan gowrak Mumbaýyň kaşaň ýerleri we harabalyklary bir ýerde jemlenýär, onuň ilatynyň gürlügi – km²-e 22 müň adam.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir