Geçen hepde Walensiýada bolan uly suw joşmasyndan soň ispan häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Barselonada we Kataloniýanyň beýleki sebitlerinde gyzyl duýduryşy yglan etdiler. Güýçli ýagyş ep-esli weýrançylyga getirdi. Ýurtda ýolagçy akymy boýunça ikinji orunda durýan “El-Prat” halkara howa menzilini hem bölekleýin suw basdy. Bu 80-den gowrak gatnawyň ýatyrylmagyna sebäp boldy, şeýle-de demirýol gatnawlary togtadyldy. Gözleg-halas ediş işlerine 20 müň töweregi harby we polisiýa işgärleri çekildi. Halasgärler ähli tagallalaryny adamlaryň bolup biljek ýerasty awtoduralgalarynda we tunnellerde gözleg işlerine gönükdirdiler. Duşenbe güni Aldaýa şäherindäki ýerasty awtoduralgalarda işjeň gözlegler alnyp baryldy. Awtoduralganyň içindäki ýerleri öwrenmek üçin dronlar ulanylýar. Bi-bi-si ispan sebitleriniň giň özbaşdaklyga eýedigini, şonuň üçin adatdan daşary ýagdaýlarda goşuny ýa-da halas edijileri çekmek üçin ýerli häkimiýetleriň merkezi hökümete degişli arza bilen ýüz tutmaly bolýandygyny belleýär. Şu sebäpli suw joşgunyndan soňky ilkinji sagatlarda suw, azyk önümlerini we derman serişdelerini eltip bermek boýunça işleri, şeýle-de polisiýanyň, ýangyn söndürijileriň we harby gullukçylaryň deregine arassalaýyş we halas ediş işlerini müňlerçe meýletinçi öz üstüne aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir