Çölleriň we düýeleriň mesgeni bolan Saud Arabystanynyň demirgazyk sebitlerinde gar ýagdy. Gar El-Jauf sebitini örtdi we bu ýerli ýaşaýjylar üçin hakyky garaşylmadyk waka boldy. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, gar köp ýagan ýagyşdan we doludan soň geçen çarşenbe güni ýagyp başlady. Meteorologlar güýçli ygallaryň, şol sanda ýagşyň we dolynyň dowam etjekdigini çaklaýarlar, bu hem ýollaryň görünmegine täsir edip, käbir sebitlerde hereketi kynlaşdyryp biler. Adaty bolmadyk howa şertleri köp ygala sebäp bolup, daglardan şarlawuklaryň akmagyna getirdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, doly bilen güýçli ýagyş diňe bir El-Jaufa däl-de, eýsem Al-Jafra-da täsir etdi we bu ýerde garyň ýagmagy 2-nji noýabrda-da dowam etdi. Ygallar netijesinde ýüze çykan daglardan akýan şarlawuklar çöl jülgelerine peýda getirer. Ýagny, bu howa şertleri topragyň çyglanmagyna ýardam edýär we netijede ýazda bu sebitlerde lawanda, hrizantema we beýleki ýakymly ysly ösümlikler gülleýär. Möwsümleýin meýdan gülleri bilen belli bolan ýerli çöl jülgeleri köp ygal sebäpli hasam ýaýraň gülleýär. Meteorologlar Saud Arabystanynda garyň peýda bolmagyny kem-kemden Oman tarapa hereket edýän Arap deňzinde pes basyşly ýerleriň giňelmegi bilen düşündirýärler. Bu pes basyşly ýerler özi bilen sebit üçin häsiýetli bolmadyk ygallary we pes temperaturalary getirip, garyň ýagmagyna şert döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir